Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzy manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen gutlady

  • 01.11.2020 19:33
  • 25k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli watandaşlarymyzy, bank ulgamynyň işgärlerini gutlady.

Gutlagda bellenilişi ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.

«Sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir» diýlip Gutlagda bellenilýär.

Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň, depginli ösüşiniň üpjün edilmegi hem-de dünýä ykdysady giňişligine amatly goşulyşmagy üçin möhümdir. Häzirki döwürde bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, hil taýdan halkara derejelere çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Biz ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris – diýlip, Gutlagda bellenilýär.

şu gün 12:21
1.6k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

şu gün 11:50
792

Täze Guramaçylyk topary atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek bilen meşgullanar

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi....

şu gün 07:44
3.3k+

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......

düýn 20:48
1.1k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......