UFC-niň ýolbaşçysy: “Habib 30-njy ýeňiş üçin oktagona dolanar”

  • 31.10.2020 12:06
  • 27k+

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) prezidenti Deýna Uaýt garyşyk stiliň (MMA) rus söweşijisi Habib Nurmagomedowyň kakasy üçin ringe dolanyp biljekdigini aýdýar. Bu barada iz.ru habar berdi.

Soňky söweşden soň UFC-niň ýolbaşçysy türgen bilen söhbetdeş boldy. Uaýt Nurmagomedowyň ýeňişden soň aşa emosional bolandygyny belledi.

“Men Habib bilen gürleşdim. Ol Getji bilen söweşden soň örän emosional ýagdaýdady. Men onuň 30-njy ýeňiş üçin dolanjakdygyny duýýaryn, Habib hasaby 30-0 etmek islär. Ol bütinleý gidendir diýip pikir edemok. Kakasy hasabyň 30-0 bolmagyny isläpdi, şonuň üçin Habib kakasynyň islegini hasyl etmek maksady bilen dolanyp biler” – diýip, ol CBS Sports Radio ýaýlymynda aýtdy.

Soňky gezek Nurmagomedow amerikaly Jastin Getjini ikinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi we ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady. Özüniň soňky söweşini ol iýulda koronawirus sebäpli ýüze çykan kynçylyklardan ýogalan kakasy Abdulmanap Nurmagomedowa bagyşlady we karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Garyşyk başa-baş göreşde Nurmagomedow jemi 29 söweş geçirdi, ol ýeke gezek hem ýeňlişe sezewar bolmady.

düýn 16:49
5.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:41
1.5k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....