R.Meredow halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

  • 30.10.2020 13:14
  • 3.6k+

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BSGG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, şeýle-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň derwaýys durmuş-ykdysady meseleleriniň çözülmegine goşýan ähmiýetli goşantlaryny belläp geçdi.
Aýratyn ýiti ýokanç kesellerine garşy göreşmek boýunça meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, şol sanda sanjymlaryň hem-de öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi, habarlylygyň üpjün edilmegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, global pandemiýanyň ykdysady netijelerini ýeňip geçmek üçin zerur serişdeleriň we bilermenlik başarnyklarynyň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi.
Sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dünýäniň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagy ulgamynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça pikirler alşyldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamyndaky borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarlylygy ýene-de bir tassyklanyldy.

şu gün 19:25
1

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.8k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....