R.Meredow «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň mejlisine gatnaşdy

  • 29.10.2020 19:51
  • 2.7k+

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň derejesinde «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Hindistanyň daşary işler ministri S.Jaýşankaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazaliýew, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow hem-de ýörite myhman hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşdy.
«Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerinde sebitleýin howpsuzlygy saklamak esasy ugurlaryň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlylygy bellenilip geçildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow owganara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ýurdumyzyň syýasy giňişligini hem-de zerur bolan guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.
Taraplar energetika, gazhimiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy babatynda özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegine, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu babatda ministrler 2020-nji ýylyň fewralynda Nýu-Delide «Hindistan — Merkezi Aziýa» Işewürler geňeşiniň döredilmegini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

düýn 15:08
1.7k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
9.6k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......