Kuman: «Barselona» möwsümdäki iň gowy oýnuny görkezdi

  • 29.10.2020 16:32
  • 9k+

“Barselonanyň” tälimçisi Ronald Kuman "Ýuwentus" bilen myhmançylykda geçen duşuşygy toparyň möwsümdäki iň gowy oýny diýip atlandyrdy. Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäginde geçen bu duşuşykda "Barselona” 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary Usman Dembele we 11 metrlik jerime urgusyndan Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy.

"Men görkezen oýnumyzdan örän hoşal" - diýip, häzirki wagtda toparda düýpli özgertmeleri geçirýän golland hünärmeni aýtdy.

“G” toparçasynyň başga bir oýnunda Wengriýanyň “Ferenswaroş” topary öýünde Kiýewiň “Dinamosy” bilen deňme-deň oýnady. Hasap - 2:2. Netijede, “Barselona” gazanan iki ýeňşi bilen alty utuk toplap, sanawda birinji ornuny berkitdi.
“E” toparçada Londonyň “Çelsisi” “Krasnodary” myhmançylykda 0:4 hasabynda ýeňdi. Ispaniýanyň “Sewilýasy” bolsa fransuzlaryň “Renn” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.
"F" toparçada Dortmundyň "Borussiýasy" “Zenidi” 0:2 hasabynda ýeňdi. "Brýugge" we "Lazio" bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.
"H" toparçada “Mançester Ýunaýted” “Leýpsigiň” öýünde "harasat gopduryp", nemes klubynyň derwezesine bäş sany jogapsyz pökgi geçirdi.
Bu toparçadaky beýleki oýunda "PSŽ" myhmançylykda "Istanbuly" ýeňdi.

düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
9.7k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......