Maşklar rak keseline garşy göreşmekde örän peýdaly

  • 29.10.2020 10:22
  • 8.8k+

Şwesiýada Karolinsk institutynyň alymlary maşklaryň ösen rak keseline garşy göreşde peýdalydygyny subut etdiler. Fiziki işjeňligiň sitotoksiki immun öýjükleriniň çiş öýjüklerine hüjüm etmek ukybyny ýokarlandyrýandygy ýüze çykaryldy. Bu barada “eLife” žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar diýip, lenta.ru belläp geçýär.

Tejribäniň dowamynda barlagy geçirijiler çişi bolan iki topar syçany ulandylar. Bir toparda gemrijiler yzygiderli tigirde ylgadylar, beýleki toparda haýwanlar hereket etmediler. Şeýlelikde, birinji topardaky syçanlarda rak keseliniň ösüşi haýallady we diri galmak mümkinçiligi ýokarlandy.
Alymlar maşk sitotoksiki immun öýjükleriniň çiş öýjüklerine hüjüm etmek ukybyny ýokarlandyrýar diýen netijä geldiler. Maşk wagtynda myşsalarda metabolitler öndürilýär. Käbir maddalar T öýjükleriniň metabolizmini üýtgedýär we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, hünärmenler sekiz sany sagdyn adamyň ýarym sagat tigir sürenlerinden soňra gan nusgalaryny aldylar we şol metabolitleriň öndürilmek hadysasynyň adamlara-da mahsusdygyny anykladylar.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......