Türkiýe ýakyn wagtda syýahatçylar üçin ýapylyp biler

  • 28.10.2020 13:00
  • 15k+

Türkiýäniň hökümeti COVID-19 bilen keselleýänleriň sanynyň köpelýändigi zerarly halkara gatnawlary çäklendirmegi göz öňünde tutýar, ýurt noýabrda ýa-da dekabrda syýahatçylar üçin ýapyk bolup biler. Bu barada “Daily Hürriyet” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belläp geçýär.

Neşiriň maglumatlary boýunça, türk häkimiýetleri ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar üçin täze çäreleri taýýarlamaga girişdiler, olary noýabr we dekabr aýlarynda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäklendirmeler, ilkinji nobatda, Stambul ýaly iri syýahatçylyk merkezlerine degişli bolar.

“Kesele garşy göreşmek dinamiki prosesdir. Kesel bilen bagly ýagdaýlara esaslanyp, täze kararlar kabul edilip bilner. Munuň netijesinde käbir çäreler giriziler, beýlekiler ýatyrylyp bilner” – diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, köpçülikleýin geçirilýän çäreleri çäklendirmek, dynç günleri komendant sagadyny girizmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, häkimiýetler koronawirus ýaýrawynyň öňüni alyş serişdesi hökmünde indiki tapgyrda şäherara we halkara gatnawlaryna çäklendirme girizmek teklibini hem göz öňünde tutýarlar. Täze çäreleriň girizilmegi 28-nji oktýabrda geçiriljek Saglygy goraýyş ministrliginiň ylmy geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....