BSGG dünýä jemgyýetçiligini pandemiýa garşy göreşde boýun egmezlige çagyrdy

  • 27.10.2020 20:47
  • 7.8k+

COVID-19-yň ýaýraýandygyna garamazdan, dünýä jemgyýetçiligi koronawirus ýokanjyna garşy göreşden ýüz öwürmeli däldir. Şeýle bildiriş bilen Ženewadaky brifingde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus çykyş etdi. Bu barada kp.ru belläp geçýär.

BSGG-niň ýolbaşçysy geçen hepde pandemiýanyň tutuş döwründe koronawirus bilen kesellänleriň iň uly sanynyň hasaba alnandygyny ýatlap geçdi, şonda dünýäde kesel ýagdaýynyň sany bir hepdede 2,4 milliondan geçipdi.

“Öýde işlemek, çagalaryň uzak aralykdan bilim almagy, möhüm wakalary dostlaryň we maşgalaň bilen belläp bilmezlik ýa-da ýakynlaryňyzyň ýasyny tutmaga gatnaşyp bilmezlik kyn bolup biler we COVID-19-yň ýadadandygy, elbetde, hakykatdyr. Şeýle-de bolsa, biz koronawirusa garşy göreşden ýüz öwrüp bilmeýäris, biz ýüz öwürmeli hem däldiris” – diýip, Gebreýesus belledi.

Ol kesel howpuny azaltmaga gönükdirilen howpsuzlyk çäreleriniň göreşiň iň gowy serişdesidigini aýtdy. Ol hiç kimiň lokdaun islemeýändigini hem belledi. Ýöne bu ýagdaýdan gaça durmak üçin ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça umumy meseleleriň bir bölegini öz üstüňe almaly.
Guramanyň ýolbaşçysy COVAX halkara mehanizmine eýýäm 184 ýurduň goşulandygyny hem habar berdi.

“BSGG ähli gurallar bilen, ilkinji nobatda hem, şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda peýda boljak sanjymlar bilen paýlaşsa, dünýäniň ykdysady meýilnamada has çalt dikelip biljekdigine ynanýar” – diýip, Gebreýesus sözüni jemledi.

düýn 18:05
2.4k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......