Ronaldu "Barselona" bilen boljak oýna gatnaşyp bilmez

  • 24.10.2020 09:21
  • 12k+

Turiniň "Ýuwentusynyň" portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu koronawirus üçin ikinji gezek oňyn synag tabşyrdy. Bu barada Marca neşirine salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

Ussat oýunçynyň 13-nji oktýabrda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýerleşýän ýerinde tabşyran koronawirus barlaglary oňyn netije görkezipdi. 35 ýaşly futbolçy karantinde eglenmezlik üçin şol günüň ertesi Turine uçmaga howlukdy. Sebäbi ol wirusdan aýňalyp bilse, 28-nji oktýabrda Ispaniýanyň “Barselonasy” bilen Çempionlar ligasynda boljak oýna gatnaşmaga umyt edýärdi.
Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, hüjümçi COVID-19 üçin gaýtadan synag tabşyrdy. Täze synag Ronaldunyň henizem bu ýokançdan saplanmandygyny görkezdi.
Şeýlelikde, portugaliýaly hüjümçi "Barselona" garşy oýunda meýdança çykyp bilmez. UEFA-nyň teswirnamalaryna görä, oýundan bir hepde öň tabşyrylan koronawirus barlagy negatiw çykanlygynda, portugaliýaly hüjümçä oýna gatnaşmaga rugsat berlip bilnerdi.

düýn 18:58
5.5k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

düýn 17:07
7.2k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......