ABŞ-da ilkinji gezek koronawirusa garşy derman serişdesi bellige alyndy

  • 24.10.2020 09:08
  • 9.3k+

Wirusa garşy derman remdesiwir (söwda ady – Veclury) koronawirusa garşy serişde hökmünde ABŞ-da ilkinji gezek bellige alyndy. Ol Azyk harytlarynyň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik boýunça edara (FDA) tarapyndan tassyklanyldy. Bu barada dermany öndürýän Gilead Sciences amerikan farmasewt kompaniýasy özüniň beýanatynda habar berdi diýip, mednovelty.ru belläp geçýär.

Remdesiwir, aslynda, şu ýylyň ýazynda Birleşen Ştatlaryň çäginde adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin tassyklanylypdy.
Mundan öň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy özüniň beýanatynda dermanyň koronawirus ýokanjyny bejermekde garaşylýan netijeleri görkezmeýändigini belläpdi.

“COVID-19-y bejermekde FDA tarapyndan tassyklanylan Veclury häzir Birleşen Ştatlarda koronawirus ýokanjyny bejermek üçin tassyklanylan ilkinji we ýeke-täk serişdedir. Bu serişde ýurduň hassahanalarynda giňden elýeterli” – diýlip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Kompaniýa derman serişdesiniň hassahana ýerleşdirmäge mätäç bolan näsaglara berilmelidigini belledi. ABŞ, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan, Ysraýyl, Beýik Britaniýa we Russiýa remdesiwiriň koronawirus bilen kesellänleri bejermek üçin ulanylmagyny makulladylar. Bu derman ilkibaşda C gepatitini we respirator-sinsitial wirusy bejermek üçin barlag işleriniň çäginde döredilipdi.

09.06.2026 23:14
7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....