“Real” baş tälimçi wezipesine dalaşgärleri belli etdi

  • 23.10.2020 17:00
  • 15k+

“Real” klubyň baş tälimçisi Zinedin Zidany işden çykarmak barada pikirlenýär. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, “Şa klubynyň” ýolbaşçylary fransuz hünärmen işden giden ýagdaýynda tälimçi wezipesine dalaşgärleri eýýäm göz öňünde tutup başlady. Bu barada vprognoze.ru belläp geçýär.

Häzirki wagtda madridlileriň ýaşlar toparyna ýolbaşçylyk edýän, “Realyň” ozalky futbolisti Raul esasy dalaşgär bolup durýar. Muňa garamazdan, Raulyň esasy topara ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyna şübhe döreýär. Ýene bir dalaşgär hökmünde “Tottenhemiň” ozalky baş tälimçisi Maurisio Poçettino göz öňünde tutulýar. Ýöne Poçettinonyň uzak möhletli şertnamany talap edip bilmegi kynçylyk döredýär, çünki “Real” şeýle şertnamalardan gaça durmaga synanyşýar.
Ýatlap geçsek, 21-nji oktýabrda “Real” Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji tapgyr duşuşygynda “Şahtýordan” 2:3 hasaby bilen utuldy. Mundan ozal “Şa kluby” Ispaniýanyň çempionatynyň çäginde 0:1 hasaby bilen “Kadisdan” ýeňildi. 24-nji oktýabrda “Real” Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” bilen duşuşar. Oýun “Kamp Nou” stadionynda geçer. “Realyň” “Borussiýa” M bilen duşuşygy 27-nji oktýabra meýilleşdirilen.
Zidan “Reala” 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda ýolbaşçylyk etdi we onuň topary Çempionlar ligasynda bassyr üç gezek ýeňiji boldy. Şondan soň ol bu topara 2019-njy ýylda täzeden ýolbaşçylyk edip başlady.

şu gün 13:41
3.6k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
3.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 14:53
8.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......