Kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak üçin wagyz-nesihat işleri işjeňleşdirilýär

  • 21.10.2020 23:54
  • 4.8k+

Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde koronawirus ýokanjynyň täze tapgyrlarynyň möwç alýan mahalynda bu kesele garşy alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ilatyň şahsy gigiýenanyň, agyz-burun örtügini dakynmagyň we araçägi saklamagyň düzgünlerini pugta berjaý etmekleri üçin düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.

Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen geçiren iş maslahatynda bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň, ilkinji nobatda, degişli jemgyýetçilik pikirini döretmäge baglydygyny nygtady. Şoňa görä-de, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmagyň häzirki zaman strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň hatarynda wagyz etmek hem-de düşündiriş işleri öňdäki hatara çykýar.
Döwlet Baştutanymyz arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagy, howpsuz aralygy saklamagy, elleri zyýansyzlandyrmagy, beden gyzgynyna gözegçilik etmegi, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guramagy hem-de düşündiriş, wagyz ediş çärelerini geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.

04.04.2026 15:19
6.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.4k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
10k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
4.1k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......