Türkmenistan koronawirusa garşy waksina satyn alar

  • 21.10.2020 09:36
  • 20k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäklerini mundan beýläk hem ýokanç keselleriň getirilmeginden we ýaýramagyndan asuda saklamak üçin öňüni alyş çäreler toplumyny durmuşa geçirmegi dowam etmegi, dünýä ýurtlarynda ýokanç keseller bilen bagly ýagdaýlary yzygiderli öwrenmegi we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegi, keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen ýurdumyzy meýilnamalaýyn üpjün etmegi dowam etmegi hem-de olaryň ätiýaçlyk gorunyň üstüni yzygiderli dolduryp durmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany häzirki döwürde dünýä döwletlerinde täze koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen täze iň ýokary hilli waksinany satyn almak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek, ýurdumyzda agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürmegi dowam etmek hem-de ätiýaçlyk goruny döredip, olaryň üstüni dolduryp durmak barada anyk görkezmeleri berdi.

şu gün 15:54
522

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

düýn 07:25
4.5k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.6k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.3k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....