ÝB, MA, Owganystan hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini maslahatlaşdylar

  • 20.10.2020 23:18
  • 2.7k+

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň gatnaşmagynda ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Ýurdumyzyň DIM-niň habar bermegine görä, nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – A.Madmarow, Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Huseýnzoda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – W.Hajiýew, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – Ş.Asadow gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depgini, howpsuzlyk ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» Mejlisiniň ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyryna hem-de ÝB-MA formatyndaky Ýaşyl ykdysadyýet boýunça Birinji Foruma görülýän taýýarlyklaryň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew taraplaryň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň ählisi boýunça ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu ugurda W.Hajiýew Ýewropa Bileleşiginiň «BOMKA», «KADAP» maksatnamalarynyň, şeýle-de ÝB - Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin platformasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdi.
Onlaýn-forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň, ýüze çykýan täze şertlerde ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtda Merkezi Aziýa sebitinde ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň barşynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklary ýaly derwaýys meselelere jikme-jik seredip geçdiler.

şu gün 07:51
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.8k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......