Howanyň üýtgemegi — Merkezi Aziýa maslahatynyň esasy mowzugy boldy

  • 20.10.2020 23:08
  • 5.7k+

Düýn wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, maslahatyň esasy mowzugy deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bolmadyk global atmosferanyň düzüminde üýtgeşmeler döredýän adamzadyň işleri bilen göni ýa-da göni däl arabaglanyşygy bolan howanyň üýtgemegidir.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Onlaýn-forumyň barşynda oňa gatnaşyjylar bu ugurdan derwaýys meselelere jikme-jik serederler. Şeýle-de dört sany esasy ugur: howanyň üýtgemeginiň netijeleri we pandemiýa şertlerinde howa ulgamyndaky syýasatyň kemala getirilmeginiň meseleleri; pandemiýa şertlerinde howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça çemeleşmelerde ylmy barlaglar we çemeleşmeler; howanyň üýtgemegi ulgamyndaky maglumatlar we bilimler: töwekgelçilikler we mümkinçilikler; howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmegi boýunça pikirler alşylar.
Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahatynyň jemleri boýunça gazanylan ösüşi kesgitlejek jemleýji resminama kabul ediler we ol ýüze çykýan täze şertlerde howanyň üýtgemegi ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy sebitleýin nukdaýnazarlarynyň kemala getirilmegi üçin degişli esasy döreder.
Maslahat 23-nji oktýabra çenli dowam eder.

şu gün 20:43
622

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

şu gün 20:16
748

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

şu gün 16:07
2.8k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

şu gün 14:40
1.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....