Lukman gyşda koronawirusdan goranmagyň usullaryny aýtdy

  • 20.10.2020 12:15
  • 14k+

Russiýanyň at gazanan lukmany Aleksandr Karabinenko gyşda COVID-19 ýokanjyndan nähili goranmalydygyny gürrüň berdi. Ol Sputnik radiosy bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýylyň sowuk döwründe örtük dakynmagyň we ellik geýmegiň zerurdygyny belläp geçdi. Muny russian.rt.com ýetirýär.

“Örtük adam gürlän, üsgüren we asgyran mahalynda ýüze çykýan ownujak syçratgylaryň we buglaryň ýaýramagynyň öňüni alýar. Sowuk howa seretmezden, örtükleri öňküsi ýaly dakynmaly. Gyşda daşarda örtügi dakynmak belli bir derejede peýdalydyr, sebäbi örtük howanyň gyzmagyna ýardam edip biler. Örtük gyşda zyýan ýetirmez” – diýip, ol aýdýar.

Lukman gyşda ellikleriň hem zerurdygyna ünsi çekdi, çünki adam burnuna, dodagyna elini ýetirýär we netijede eliň üsti bilen wirus organizme düşüp bilýär. Eliň derisinde örän köp sanly bakteriýalar we wiruslar ýygnanýar.
Şunuň bilen birlikde, hünärmen gyşda koronawirusyň özüni alyp barşynyň ýeterlik derejede gowy öwrenilmändigi sebäpli, anyk maslahatlary bermegiň kyndygyny belläp geçdi.

“Koronawirusyň sowuk howada ýaşaýyş ukyby ýörite öwrenilmedi. Dümew wiruslary gyşda we sowuk döwürde has işjeň bolýar diýlip hasaplanylýar, koronawirusyň hem şeýle bolmagy ähtimal. Munuň üstesine-de, bu döwürde adam organizminiň ýokançlara garşylyk görkezijiligi peselýär” – diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirýär.

düýn 23:10
570

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.5k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....