Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 20.10.2020 11:25
  • 9.1k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýat häkimleriniň hasabaty diňlenildi. Hasabatlarda welaýatlaryň çäklerinde işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli pugtalanmagynda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynda obasenagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, ulgama häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň hem-de ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutany sanly aragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynda tohumçylyk-seçgi işlerini ýokary derejede geçirmek, oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak wezipeleri möhüm bolup durýar.

06.06.2026 14:06
2.4k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......