Habibiň tälimçisi: Getji uly şowsuzlyga uçrar

  • 19.10.2020 23:28
  • 20k+

24-nji oktýabrda Abu-Dabidäki "Söweş adasynda" ("Fight Island") "Ultimate Fighting Championship" (UFC) ýaryşynyň çäginde russiýaly Habib Nurmagomedow bilen amerikaly Jastin Getjiniň arasynda söweş bolar.
Rus söweşijisiniň tälimçisi Hawier Mendes TASS-yň habarçysyna beren gürrüňinde Habibiň keýpi, söweşden öňki fiziki taýýarlygy, şeýle hem onuň Konor MakGregor we Toni Fergýuson bilen söweşmek mümkinçiligi baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Habibiň ozal başdan geçiren agram artmasyna degip geçen Mendes: “Onuň agramy soňky söweşiniň öň ýanlaryndaky ýagdaýyndan we şol gezekki türgenleşigindäkiden hem iki kilogram ýeňil” - diýdi.

"Habibiň özüni duýşy, ruhy we beden taýýarlygy gowy. Soňky döwürleriň “iň gowy söweşijisi” bolmaga mynasyp ýagdaýda. Ol her gün türgenleşýär we gün-günden kämilleşýär. Habib tutanýerli we höwesli, Getjiniň başyna musallat bolup iner" - diýip, tälimçi Nurmagomedowyň fiziki taýýarlygy baradaky sözüniň üstüni ýetirdi.

Şägirdiniň kakasy ýogalanyndan soňky psihologik taýynlygy barada soralanda: “Habib psihologik taýdan güýçli, ol haýsy zady nirede, haçan we nähili etmelidigine gaty gowy düşünýär. Dogrusyny aýtsak, biz onuň bilen kakasy barada asla pikir alyşmaýarys. Diňe her söweşiň öň ýanynda kakasynyň kesgitlän ýoly we talaby hakda gürleşýäris. Hemmämiz halypa tälimçi Abdulmanapy küýseýäris, bu ýitgi - biziň hemmämiz üçin agyr pursat" – diýip, Mendes jogap berdi.
Tälimçi Jastin Getjiniň Habibiň karýerasyndaky iň kyn garşydaşdygyny öňe sürýän hünärmenleriň pikiri bilen ylalaşmaýar.

“Şeýle habarlar gulagyma ýetdi, ýöne bu edil beýledir öýdemok. Getji Konor MakGregordan has howply diýip biljek däl. Jastin bir tarapdan gowy söweşiji, emma Konoryň has güýçli zarbaçydygyny ünsden düşürmäliň. Elbetde, Getji gaty çynlakaý bäsdeş, ol hem çempiony ýeňmek üçin elinde baryny eder, ýöne ol basym ýadar. Getji söweşde özüni öýünde ýaly duýmaýar, Habib üçin bolsa ring – öz ýeri. Şonuň üçinem Getji ýere arkasyny galtaşdyrdygy, ol ýerden ýokary galyp biler öýdemok” – diýip, Mendes aýtdy.

Makgregor bilen gaýtadan söweşmegiň mümkindigi ýa-da ýokdugy soralanda, rus pälwanynyň tälimçisi bu meselä howlukmaçlyk etmeli däldigini nygtady.

“Häzir biziň ähli ünsümiz Getji bilen boljak söweşde. Şondan soňra Jorj Sen-Pýere garşy çykmak isleýäris. UFC bu ýigitleri ringe salsa, gaty güýçli hadysa bolar. Häzir biz kim bilen söweşmelidigini özümiz çözüp biljek ýagdaýda. Biz UFC-ä haýsy garşydaşy isleýändigimizi mälim edýäris, soň bolsa gepleşikler başlaýar. Käwagt UFC bir teklip hödürlände, biz razy bolman hem bilýäris. Häzir biz Sen-Pýer bilen söweşmäge döwtalap, heniz başga çakylyklar ýa teklipler peýda bolmady".

Toni Fergýusona garşy göreşmek mümkinçiligi hem entek göz öňünde tutulmaýar.

“Toni Jastin Getjiden utuldy, oňa "çapyşyga" gaýdyp gelmek üçin birnäçe ýeňiş gerek. Emma Toniniň haçandyr bir wagt Habib bilen söweşmek ähtimallygyny nola deň hasaplaýaryn. Elbetde, bu hakda arzuw edip, göz öňüne getirip bolar, ýöne bu nädip bolsun? Toni Jastinden ýeňildi, soň ol nädip alaga-da Habib bilen söweşip biler? Munuň nädip mümkin boljagyna akylym çatanok "-diýip, Mendes aýtdy.

düýn 22:01
2.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 07:51
3.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 16:49
7.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......