Saglygy goraýyş ministrligi ýokanç keselleriň öňüni alyş düzgüniniň berjaý edilmegini ýatladýarlar

  • 19.10.2020 23:12
  • 10k+

"Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasy ähli ulanyjylaryna SMS habarnamalary ýollady, olarda Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keselleriniň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça möhüm çäreleri berjaý etmegiň zerurdygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu habarynda:
“Hormatly adamlar! Saglygyňyzy berkitmek üçin agyz-burun örtügini dakynmak, köpçülik ýerlerinde 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär" - diýilýär.

18.02.2026 15:44
2.4k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A...

16.02.2026 14:19
3.8k+

Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy...

15.02.2026 13:47
2.7k+

Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy

Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply...

14.02.2026 10:55
15k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi

Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi...