Coca-Cola kompaniýasy ilkinji berhiz içgisi bolan “Tab-yň” önümçiligini bes eder

  • 18.10.2020 23:09
  • 11k+

Coca-Cola kompaniýasy ilkinji berhiz içgisi bolan “Tab-yň” önümçiligini bes etmek kararyna geldi diýip, “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Muny kommersant.ru ýetirýär. Bu brend bilen ilkinji içgi 1963-nji ýylda çykaryldy.

Gazetiň belleýşi ýaly, “Tab” gazly içgisi 1970-1980-nji ýyllarda özüniň meşhurlygynyň ýokary derejesine ýetipdi. “Diet Coke” çykandan soň, içginiň geçginliligi iň pes derejä düşse-de, Coca-Cola özüne wepaly müşderileriniň islegini kanagatlandyrmak üçin bu içginiň önümçiligini dowam etdirip gelýärdi. Gazet içginiň muşdaklarynyň “Tab-y” tapyp bilmedik halatynda, kompaniýanyň ştab-kwartirasyna jaň edip, haýyş bilen ýüz tutandyklaryny belleýär.
Euromonitor International kompaniýasynyň maglumatlary boýunça, “Tab-yň” dünýädäki satuwy 2019-njy ýylda berhiz kolasynyň umumy satuw göwrüminiň ($22 milliard) 0,1%-e barabar boldy. “Diet Coke-niň” paýy satuwyň 35%-ine, “Coke Zero Sugar-yň” paýy 22%-e deň boldy.
Sentýabrda Coca-Cola koronawirus pandemiýasy sebäpli özüniň 500 brend önüminiň ýarysyny aýryp, azaltmak isleýändigini aýtdy. Bu azaltma täzelenen marketing strategiýasyny öz içine alýan “üýtgedip gurmagyň” bir bölegi bolar.
Kompaniýanyň Innowasiýa we marketing boýunça müdiri Ket Ketseriň aýtmagyna görä, kompaniýa “özüniň brendlerini gowy görýär”, ýöne “täze zatlar üçin täze giňişlik döretmek” maksady bilen ösmeýän we ösüş mümkinçiligi bolmadyk brendlerden ýüz öwürýär.

düýn 07:41
8.5k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.5k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.4k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......