Pandemiýa garşy göreşmek bilen bagly geljekki meýilnamalar maslahatlaşyldy

  • 16.10.2020 18:47
  • 9.2k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşykda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn duşuşykda ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýagdaý we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda, geljekki meýilnamalar barada maglumatlar beýan edildi.
Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Anna Býerde hem-de Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen bolan wideomaslahatyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen, maliýeleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümçiligini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşma boldy.
Hususy pudagyň wekilleriniň taslamalaryna goldaw bermek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu ugurda bar bolan kuwwaty nazara alyp, türkmen tarapyna «Doing Business» (Işewürligi alyp barmak) taslamasynyň soňky derejesi we oňa goşulmagyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
COVID-19-yň ählumumy ykdysadyýete täsiri hem-de durnukly ösüşe goldaw bermek maksady bilen Bütindünýä pul gaznasynyň jogap çäreleri wekilçilikli toparyň öňdebaryjy ýurtlarynyň merkezi banklarynyň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary bilen Halkara walýuta we maliýe komitetiniň onlaýn mejlisiniň özenini düzdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki ýagdaýda gyssagly hereket etmek üçin goldaw bermek ählumumy ykdysady çökgünlik şertlerinde oňyn netije berer we ýagdaýyň durnuklaşmagyna ýardam eder.
Şeýle hem Ösüş boýunça komitet, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň departamentleriniň ýolbaşçysy hem-de Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen wideomaslahatlary geçiriler.

düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....