Abu-Dabi marafony 2021-nji ýyla süýşürildi

  • 14.10.2020 00:28
  • 3.7k+

"ADNOC Abu Dhabi Marathon 2020" marafonyny guraýjylar bu abraýly sport ýaryşynyň indiki ýyla yza süýşürilendigini habar berdiler diýip, olympic.kz ýazýar.

"Iň soňky güne çenli şeýle karara gelmekden saklandyk, ýöne gatnaşyjylaryň saglygy we howpsuzlygy bäsleşigi guraýjylaryň iň esasy meselesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biz 2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan ADNOC Abu Dhabi Marathon halkara marafonyny ýatyryp, ony 2021-nji ýyla yza süýşürmek kararyna geldik" diýlip, habarda aýdylýar.

Abu Dabiniň Sport Geňeşiniň baş sekretary Arif Hamad Al-Awani Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) paýtagtynda geçirilýän her bir çärede howpsuzlyk we ätiýaçlyk çäreleriniň pugta gözegçilik astynda saklanylýandygyny nygtady.

“BAE-de we sebitde uly gyzyklanma bildirilýän bu abraýly çäre indiki ýylyň dowamynda geçiriler. Biz şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, uzathlet¬ics.uz Al-Awaniniň sözlerini getirýär.

Ýaryşyň guramaçylyk topary, şu ýylda hasaba alnanlaryň ählisine 2021-nji ýylda şol öňki orunlarynda gatnaşmaga hukuk berilýändigini, dürli sebäplere görä gatnaşyp bilmeýänleriň bolsa çykdajylaryny yzyna alyp biljekdiklerini ýatladýar.

şu gün 12:33
496

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

şu gün 12:21
213

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....