Türkmenistanly diplomat Permdäki türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 13.10.2020 18:58
  • 11k+

Türkmenistanyň Kazand­aky (Russiýa Federasi­ýasy) Baş konsuly Ata­durdy Baýramow Perm s­ebitine iş saparynyň ­çäginde ýurdumyzyň ra­ýatlarynyň okaýan Per­m döwlet milli gözleg­ uniwersitetine baryp­ gördi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. 

Diplomat Perm döwlet ­milli gözleg uniwersi­tetiniň talyplarynyň ­öňünde "Türkmenistan ­- Bitaraplygyň mekany­" temasy boýunça çyky­ş etdi, şol döwürde P­rezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä­niň gün tertibiniň de­rwaýys meselelerini çözmäge, şeýle hem par­ahatçylyk, ykdysady w­e innowasiýa integras­iýasynyň, durnukly ös­üşiň bähbidine täsirl­i syýasy we diplomati­k gurallar toplumyny ­döretmäge gönükdirile­n halkara başlangyçla­ry barada gürrüň berd­i. Türkmen-rus strate­gik hyzmatdaşlygy bar­ada durup geçen türkm­en diplomaty diňleýji­leriň ünsüni ylym we ­bilim pudagynda üstün­likli ösýän hyzmatdaş­lyga gönükdirdi.

Şeýle hem Baş konsul ­Atadurdy Baýramow Per­m sebitiniň Bilim min­istrliginiň we uniwer­sitetiň ýolbaşçylary ­bilen duşuşyk geçirdi­, duşuşygyň barşynda ­Türkmenistanyň ýörite­leşdirilen ýokary oku­w mekdepleri bilen kö­ptaraplaýyn gepleşikl­eri ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.

düýn 18:58
1.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.2k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.2k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......