«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII tomy çapdan çykdy

  • 11.10.2020 19:14
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň XII tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu ýerde çykyş edenler milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan esasy ylmy işiniň dowamy bolan täze jiltiň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap köp ýyllaryň dowamynda diňe bir türkmen farmakologlary we lukmanlary üçin däl, eýsem, köp dillere terjime edilmegi bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurt hünärmenleri üçin hem derman ösümlikler boýunça möhüm gollanma boldy. Neşiriň sahypalarynda ýurduň çäginde ösýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary bilen tanşyp, olaryň ylmy we halk lukmançylygynda ulanylyşy barada baý maglumatlary tapmak mümkin.
Bu ylmy işiň täze tomundaky maglumatlar, däp bolşy ýaly, birnäçe dilde ýetirilýär. Neşir fotosuratlar, ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi we dermanlyk ösümlikleri ýygnamagyň senenamasy bilen hem üpjün edildi.

düýn 17:46
1.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......