Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi

  • 11.10.2020 19:01
  • 7k+

10-njy oktýabrda Myrat Garryýew döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.

Dabaraly çäräniň çäginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, hormatly atlar we döwlet sylaglary bilen sylaglanan saglygy goraýyş işgärlerine mynasyp bolan sylaglary gowşuryldy. Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesine bu uniwersitetiň hormatly professory derejesi berildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynda gazanan üstünlikleri barada gyzykly pikir alyşma geçirildi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynda toplan oňyn tejribesi dünýä jemgyýetçiligi we abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň iň uly gurluşlary — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy we beýlekiler tarapyndan ykrar edildi diýlip maslahatdaky çykyşlarda aýdyldy.
Umumy mejlisiň ahyrynda ýurdumyzyň iň gowy saglygy goraýyş işgärlerine we daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesine hormatly atlar we döwlet sylaglary gowşuryldy.

09.06.2026 23:14
7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....