Bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda wezipeler toplumy kesgitlenildi

  • 11.10.2020 16:53
  • 6.6k+

Ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän täze bellenen orunbasary M.Geldinyýazowa ýüzlenip, degişli ugurlarda ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmäge, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmaga, elektron senagaty we gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny döretmäge girişildi. Bazar ykdysadyýeti we telekeçilik, hukuk ulgamy hem-de ylym ösdürilýär.
Bu işleri talabalaýyk amala aşyrmak bolsa eýýäm häzirden şu ugurlardan gowy başy çykýan köp sanly hünärmenleri talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, durmuşdan yza galmazlyk üçin, halkara derejeli hukukçylardan başga-da, şu günki günde örän zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga uly üns berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu maksatnamalar häzirki döwrüň nazary we amaly okuwlarynyň hem-de önümçilik tejribeleriniň usulyýetiniň onlaýn ulgamynda okatmagy ornaşdyrmak arkaly taýýarlanylmagyny öz içine almalydyr.
Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenilmelidir hem-de özleşdirilmelidir. Bilim edaralarynyň, iş berijileriň we zähmet bazarynyň özara hyzmatdaşlygyny gurap, bu işlere ylmy institutlarymyzy hem giňden çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz tabşyrdy.
Häzirki wagtda koronawirus bilen bagly emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek dowam etdirilmelidir. Lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlary tejribä giňden ornaşdyrylmalydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirki zaman usullaryny öwrenmegi hem-de ulanmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Şu maksat bilen, bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary berkitmek zerurdyr.
Milli Liderimiz sport ulgamynyň möhümdigini nygtap, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmegiň, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini we halkara ýaryşlary geçirmegiň döwletimiziň içeri syýasatynyň strategik ugrudygyny belledi.
Wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň öňünde durýan wezipeler toplumyny kesgitläp, hormatly Prezidentimiz bu ugur boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda ýakyn wagtda hasabat bermegi tabşyrdy.

düýn 19:47
3k+

Britaniýanyň ilçisi we ÝUNISEF-iň wekili Aşgabatdaky synag inklýuziw mekdebine baryp gördi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna Aşgabat şäherindäki 74-nji synag inklyuziw mekdebine baryp gördi. Bu sapar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Britan halkara...

düýn 17:31
2.3k+

L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary tegelek stol geçirdi

18-nji martda Astanadaky L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň watany» atly tegelek stol geçirildi...

15.03.2026 12:38
4.8k+

Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň meýdançasyna öwrüler

2026-njy ýylyň 10-njy — 25-nji apreli aralygynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler...

14.03.2026 00:32
3.9k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aprel aýynda birnäçe olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri aprel aýynda birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlaryny we olimpiadalaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B...