“Sputnik V” sanjymyny döredijileri Nobel baýragyna hödürlemek teklip edildi

  • 09.10.2020 02:33
  • 9.9k+

Russiýanyň saglygy goraýyş boýunça Döwlet duma komiteti koronawirus ýokanjyna garşy “Sputnik V” atly dünýäde ilkinji sanjymy döreden N.F.Gamaleýa adyndaky milli barlag merkeziniň alymlaryny 2021-nji ýylda Nobel baýragyna hödürlemegi teklip etdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

“Koronawirusa garşy dünýäde ilkinji sanjymy döredijiler — Russiýanyň N.F.Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli merkeziniň alymlary indiki ýyl Nobel baýragyna dalaşgär hödürlenilmeli” – diýip, RIA Nowosti komitetiň başlygynyň orunbasary Leonid Ogulyň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, rus alymlarynyň pandemiýa bilen göreşe goşan goşandyny bahalandyrmak kyn we ol dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilmelidir.

“Häzirki wagtda dünýäde tas 36 mln adamyň kesellemegine, bir milliondan gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan täze koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň oýlanyp tapylmagy ylym we lukmançylyk pudagynda hakyky üstünlikdir” – diýip, ol belledi.

Duma komitetiniň agzasy Boris Mendeleýewiç, öz gezeginde, Russiýada COVID-19-a garşy sanjymyň döredilmegini dünýäde öňegidişlik diýip atlandyrdy.

“Sanjymyň täsirliligi subut edilen ýagdaýynda, ol tutuş dünýä boýunça millionlarça adamyň saglygyny ýaramaz netijelerden gorap biler. Meniň pikirimçe, sanjymy döredijiler, iň bolmanda, Nobel baýragyna dalaşgär bolmalydyr” – diýip, ol belledi.

düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......