Resmi: "iPhone 12-niň" tanyşdyryljak senesi belli boldy

  • 07.10.2020 15:37
  • 24k+

Apple nobatdaky güýzki tanyşdyrylyşyň 13-nji oktýabrda boljakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Bu tanyşdyrylyşyň şygary — "Tizligiň täzeligi". Bu ýerde, megerem, täze aýfonyň “5G” ulgamyny goldaýandygy ýaňzydylýan bolsa gerek. Bu barada hi-tech.mail.ru habar berýär.

Dabarada täze “iPhone 12”, “AirPods Studio” gulakly nauşnikler, “HomePod” kolonkalarynyň kiçi wersiýasy we başga-da köp täzelikleriň bolmagyna garaşylýar.
Birnäçe çeşme “Apple”-iň şu ýyl birbada dört sany smartfony - iPhone 12 mini, iPhone 12, iPhone 12 Pro we iPhone 12 Pro Max smartfonlaryny hödürlejekdigini belläpdi.
5.4 dýuýmlyk “iPhone 12 mini” kompaniýanyň soňky ýyllarda öndüren iň ykjam smartfony bolar we ol hatda täze “iPhone SE”-den (2020) hem has kiçi bolar. “IPhone 12” 6.1 dýuým ekranly esasy model bolar we şeýle diagonally “iPhone 12 Pro” onuň kämilleşdirilen wersiýasy bolar.
“IPhone 12 Pro Max”-yň 6,7 dýuým ekranly iň uly “iPhone” boljakdygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, täze setirdäki dört modeliň hemmesi ilkinji gezek OLED displeýlerini alar. Geçen ýyl diňe “iPhone 11 Pro” we “11 Pro Max” OLED ekrany bilen çykarylypdy, “iPhone 11” bolsa öňki nesliň IPS ekranyny alypdy.

şu gün 10:42
551

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

şu gün 00:06
1.6k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

düýn 17:40
5.1k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

düýn 07:43
1.2k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....