BMGÖM we Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty iş meýilnamasyna gol çekdiler

  • 03.10.2020 11:59
  • 4.1k+

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň Iş meýilnamasyna gol çekdi. Dabara 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen tarapyndan resminama Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew gol çekdi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan agzalan resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili gol çekdi.
Taslamanyň esasy maksady bolup adam hukuklary babatda halkara şertnamalary hem-de Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurduň borçnamalaryna laýyklykda kanunlaryň, syýasatyň we tejribäniň sazlaşygy arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramagy, ony höweslendirmegi we durmuşa geçirmegi berkitmek çykyş edýär.
Bu taslamanyň çäklerinde Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine we Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmekde Türkmenistanyň Hökümetine ýardam bermek meýilleşdirilýär.

düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
4.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......