FIFA 2018-nji ýylda dünýä çempionatyny geçirendigi üçin Russiýa $100 mln tölär

  • 03.10.2020 08:37
  • 11k+

Russiýanyň futbol bileleşigi (RFB) 2018-nji ýylda dünýä çempionatyny geçirendigi üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) $100 mln alar. Bu barada RFB-niň prezidenti Aleksandr Dýukow habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, Bileleşik FIFA-dan alan serişdeleriniň ýarysyndan gowragyny sebit merkezlerini ösdürmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

“2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň eýesi hökmünde Russiýanyň FIFA-nyň Legacy maksatnamasy boýunça aljak serişdeleriniň esasy bölegi sebitlere iberiler. FIFA bilen gepleşiklerde bize bu maksatnama boýunça maliýeleşdirmegiň mukdaryny tas iki esse - 60 million dollardan 100 million dollara çenli köpeltmek başartdy” – diýip, Dýukow bileleşigiň konferensiýa wekillerine wideo-ýüzlenmesinde aýtdy.
“Bu mukdaryň ýarysyndan gowragy RFB-niň sebit merkezlerini möwsümleýin infrastruktura obýektleri bilen üpjün etmek üçin, şol sanda kiçi formatly meýdançalaryň gurluşygyna niýetlenendir” – diýip, RFB-niň prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýada Dünýä çempionaty 2018-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 15-nji iýul aralygynda geçirildi. Onuň ýeňijisi finalda Horwatiýany ýeňen Fransiýanyň milli ýygyndysy boldy.

düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......