«Ispan dümewi ölüm derejesini üç esse, COVID-19 bolsa dört esse ýokarlandyrdy» - alymlar

  • 02.10.2020 18:23
  • 11k+

Alymlar SARS-CoV-2 bilen 1918-1920-nji ýyllarda ispan dümewini döreden H1N1 wirusynyň öldürijiligini deňeşdirdiler. Degişli derňew işi Jama Network portalynda neşir edildi. Bu barada ria.ru habar berýär.

Harward lukmançylyk mekdebinden amerikan alymlary Jeremi Faustyň ýolbaşçylygynda iki pandemiýanyň döwründe iň erbet iki aýyň dowamynda Nýu-Ýorkda ölüm derejesiniň görkezijilerini deňeşdirdiler. Ýagny, ispan dümewi pandemiýasynyň iň ýokary derejesinde Nýu-Ýorkda her 100 müň adama 287 adam ýogaldy, 2020-nji ýylyň martynda we aprelinde COVID-19 epidemiýasy wagtynda şäherde ýüz müň adama 202 adamyň ölümi hasaba alyndy.
Soňra alymlar pandemiýadan öňki üç ýyl üçin aýlyk ölüm derejesi boýunça sanlary deňeşdirdiler we ýüz ýyl mundan ozal her ýüz müň ýaşaýjy üçin aýda ýüz töweregi ölümiň bolandygyny anykladylar, bu häzirki görkezijilerden iki esse ýokarydyr. Geçirilen hasaplamalar hünärmenleriň ispan dümewi ölüm derejesini üç esse, COVID-19 bolsa dört esse ýokarlandyrdy diýen netijä gelmegine mümkinçilik döretdi.

“Eger-de ýeterlik çäre görülmese, SARS-CoV-2 ýokanjy 1918-nji ýyldaky H1N1 dümew wirusyna garanda has köp ölüme eýe bolup biler” – diýip, derňew işiniň awtorlary belleýärler.

Ýatlap geçsek, täze ýokanç epidemiýasynyň ýaýrawy 2019-njy ýylyň dekabrynyň ahyrynda Uhanda bolup geçdi. Keseli dörediji COVID-19 adyny alan täze görnüşli koronawirus boldy. Häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça täze koronawirus bilen 33 milliondan gowrak adam keselledi.

09.06.2026 23:14
7.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....