DIM-de Halk Maslahatynyň çözgütleri maslahatlaşyldy

  • 02.10.2020 16:22
  • 4k+

Daşary işler ministrliginde düýn geçirilen metbugat maslahatynda Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, maslahata gatnaşyjylar milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esasyny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de raýat jemgyýetini mundan beýläk-de berkitmek üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmen tarapy ýurdumyzyň hukuk kuwwatyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň wajypdygyny nygtap, özüniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryndan kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk hem-de netijeli tekliplere garamaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.
Belläp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli forumyň mejlisinde gol çeken «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, ýurdumyzda kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan täze wekilçilikli edara — Milli Geňeş döredildi. Ol iki palatadan — Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybaratdyr.

şu gün 16:01
516

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

şu gün 15:42
374

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

şu gün 15:09
457

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

şu gün 08:12
1.3k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......