Türkmenistan “GDA+DÜNÝÄ: Syýahatçylygyň güýji” halkara onlaýn maslahatyna çakylyk aldy

  • 30.09.2020 18:07
  • 11k+

Guramaçylaryň bellemegine görä, 30-njy sentýabrda geçjek çärä Russiýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Belorussiýadan, Hytaýdan, Bolgariýadan, Tailanddan, Horwatiýadan, Italiýadan, Latwiýadan, Müsürden, Katardan we beýleki 50 ýurtdan syýahatçylyk integrasiýasy boýunça halkara hünärmenler çagyrylýar. Bu barada ORIENT habar berýär.

Pandemiýadan soňky döwürde dünýä syýahatçylygyny güýçlendirmek meselesi üns merkezinde bolar.
Maslahatyň temalary:

  • Halkara syýahatçylygy dikeltmek;
  • Bilim syýahatçylygy matrisalary;
  • Ulag innowasiýalary;
  • Medeni täzelikler;
  • Sport syýahatçylygy;
  • Syýahatçylyk önümlerini sanlaşdyrmak.

Maslahatyň guramaçylary GDA-nyň Ykdysady ösüş boýunça iş merkeziniň syýahatçylyk komiteti we “Güýçli Russiýa” jemgyýetçilik hereketiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Russiýanyň täjirçilik däl guramalarynyň utgaşdyryjy geňeşidir.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......