Türkmenistan pandemiýa garamazdan eksportyň gerimini giňeldýär

  • 30.09.2020 14:51
  • 11k+

Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, dünýäde möwç alýan koronawirus pandemiýasyna garamazdan, Türkmenistan eksportyny yzygiderli ýokarlandyrmagyny dowam etdirýär. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýurtda gaz we nebitden daşary öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8% ýokarlandy. Munuň şeýle bolmagyna, köp babatda, gaýtadan işleýän pudaklaryň sanynyň artmagy, türkmen önümleriniň hiliniň ýokarlanmagy we daşary ýurtlarda mahabatlandyrylmagy ýardam etdi.
Kükürdüň (43,3%), mineral dökünleriň (73,4%), çig ýüpegiň (33,7%), ýoduň (27%) eksporty ep-esli artdy. Bu önümler ýurduň ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynda öndürilip, bahasynyň we hiliniň gatnaşygy bilen daşary ýurtly alyjylary özüne çekdi.
Türkmenistan üstümizdäki ýylyň 7 aýynda egin-eşikleriň we taýýar dokma önümleriniň eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy, ýagny bu önümleriň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,1% artdy. Munuň özi 2018-nji ýylda Türkmenistan Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde ýurtda ösdürilip ýetişdirilen ähli pagtany gaýtadan işlemek barada öňe sürlen başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň miweleriniň biri boldy. Şondan bäri dokma kärhanalary harytlarynyň dürlüligini ep-esli giňeltdiler we görnüşi ýaly, önümlerini daşary ýurtlara ugradyp başladylar.
Türkmenistan hasabat döwründe hususy pudak tarapyndan öndürilen sabyn we ýuwujy serişdeleriň eksportyny hem artdyrdy. Getirmeler 2019-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlary bilen deňeşdirilende, 43% ýokarlandy. Senagatlaşmagyň ýokary depgini we gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň açylmagy netijesinde, Türkmenistan öz önümleriniň eksportynyň durnukly ösüşini saklamagy başardy.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......