Samsung awgustda smartfon satuwynda öňdebaryjy boldy

  • 29.09.2020 23:41
  • 7.2k+

Counterpoint Research analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Samsung kompaniýasy smartfon bazarynda birinji orny eýeleýär. Bu barada csn-tv.ru habar berýär.

Şeýle üýtgeşmeler, hususan-da, Huawei kompaniýasynyň dünýädäki smartfon bazarynda 6% ýitgisi bilen baglanyşyklydyr. 2019-njy ýylyň fewralyndan bäri Huawei önümçilik kuwwatyny artdyryp, öňdebaryjy kompaniýalaryň hataryna giripdi, ýöne indi ýagdaý üýtgedi.
Analitikler Samsung kompaniýasy täze smartfonlaryň, mobil prosessorlarynyň satuwy netijesinde öňdebaryjy orna çykar diýip çaklaýarlar. Satuwyň 20,7% ösmegine garaşylýar.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde Samsung kompaniýasy 80 mln telefon satdy, bu 2020-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda satylandan 50% köpdür. Planşetleriň satuwynyň hem ýokarlanandygy habar berilýär. Ösüş 45 göterime deň boldy.
Huawei kompaniýasynyň smartfon satuwy Germaniýada hem birneme pese gaçdy diýlip, analitik kompaniýasynyň derňew işinde habar berilýär. Geçen ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende, kompaniýanyň nemes smartfon bazaryndaky paýy 20%-den 18%-e çenli azaldy. Bazaryň özi hem koronawirus pandemiýasy sebäpli 27% pese gaçdy.
Bu ýerde hem bazaryň lideri özüniň paýyny 36%-den 37%-e çenli artdyran Samsung koreý kompaniýasy boldy. Ikinji orunda gelýän Apple kompaniýasynyň hem paýy 16%-den 23%-e çenli ýokarlandy. 5% paý alyp, dördünji bolan Xiaomi uly ösüşi görkezdi, geçen ýyl kompaniýa nemes bazarynyň bary-ýogy 1%-ini eýeläpdi.

13.03.2026 17:58
2.8k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...

12.03.2026 15:40
1.3k+

Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar

«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär. Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär...

12.03.2026 07:31
7.8k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

11.03.2026 15:08
3.3k+

Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi

Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady...