Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

  • 26.09.2020 23:11
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň professory Amanguly Magtymowa,
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktory Berdinyýaz Atabaýewiç Babanyýazowa,
  • Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri Myrat Öwezgeldiýewiç Haitowa,
  • Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Aga Narçaýewe,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Akmyrat Kertikowa,
  • Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň müdiri Mämmetguly Meretdurdyýewe,
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň Ahal obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Şamyrat Goçmyradowa,
  • Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň umumy tehniki dersler kafedrasynyň uly mugallymy Amanmyrat Orazgulyýewe,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 1-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Şamyrat Hydyrowa,
  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Döwletnyýaz Hojaýewe,
  • Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Aranowiç Allaýewe,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Arazmet Jumagulyýewe,
  • Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Nurnepes Jumaýewe,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Farap etrap hassahanasynyň anesteziologiýa-reanimasiýa bölüminiň lukmany Kammyl Kerimowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiniň müdiri Rozykuly Beşimowiç Huddyýewe,
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Mülk geňeşliginiň Gyzan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Ylýasowa,
  • Mary welaýatynyň «Gurbanguly Hajy» dini guramasynyň başlygy we baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri Amangeldi Täşliýewiç Hommakowa,
  • Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň Täze durmuş obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kakadurdy Eşekowa.
düýn 23:40
605

Gazagystanda Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky orden döredildi

​Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Hoja Ahmet Ýasawy» (Қожа Ахмет Ясауи) atly täze döwlet ordenini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu sylag türki dünýäsiniň beýik akyldary, sufizmiň türki......

düýn 16:01
9.6k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

düýn 15:50
4.2k+

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

düýn 15:38
2.3k+

Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi....