Türkmenistanda oba lukmanlarynyň aýlyk haklary ýokarlandyrylar

  • 26.09.2020 12:40
  • 26k+

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde ýaýran wirus ýokanjynyň aralaşmagyna we ýaýramagyna garşy göreşýän lukmanlaryň aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek baradaky karara gol çekdi.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, resminama laýyklykda, raýatlaryň saglygyny ýiti ýokanç keselden goramak bilen meşgullanýan döwlet lukmançylyk edaralarynyň saglyk işgärleri üçin bu işiň dowamynda olaryň aýlyk haklaryndan 15% goşmaça tölemeklik bellenildi.
Şeýle hem resminama 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan kararda görkezilen ýurdumyzyň barmasy kyn bolan çetki obalaryndaky döwlet lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine aýlyk haklaryndan 20% goşmaça tölemegi belleýär. Beýleki obalarda işleýän lukmanlara aýlyk haklaryndan 10% goşmaça tölemeklik kesgitlenilen.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, sebit häkimiýetlerine kararda görkezilen oba saglyk işgärleriniň döwlet maksatnamasynyň çäginde gurlan hususy ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer bölekleri bilen üpjün edilmegini ýola goýmak tabşyryldy.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......