"Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda" Kanun kabul edildi

  • 25.09.2020 23:42
  • 21k+

Şu gün Halk Maslahatynyň onlaýn görnüşinde geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda" Konstitusion Kanuna gol çekdi.

Halk Maslahatynyň arakesmesinde Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda deputatlar bu taslamany biragyzdan tassykladylar we kabul etdiler.
Türkmen Lideri Halk Maslahatynyň we Mejlisiň işini kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen baglanyşykly "Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda" Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi bilen gutlady.
Döwlet Baştutany Hökümet agzalaryna, milli parlamentiň deputatlaryna, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekillerine kabul edilen Konstitusion Kanundan gelip çykýan meseleleri çözmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň "Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda" Konstitusion Kanuny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

düýn 16:51
5.1k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....