Türkmenistanyň Prezidenti: dünýä çökgünligine garamazdan, türkmen ykdysadyýeti durnukly ösüşini dowam etdirdi

  • 25.09.2020 18:02
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çykyşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň ähli döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirendigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, dünýädäki çylşyrymly maliýe we ykdysady şertlere garamazdan, Türkmenistan ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine ýetdi, ep-esli maliýe serişdelerini ätiýaçda saklamagy başardy. Muny Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň geçen ýylky ýygnagynda kabul edilen ýurduň ösüşi üçin bäş ýyllyk maksatnamany häzirki kyn şertlerde durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görmelidiris diýip belledi.
Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy sosial gurşawa gönükdirilýär. Uly maliýe serişdeleri etraplardaky we etrap merkezlerindäki obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň ilatynyň sosial we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga sarp edilýär. Geljek ýyl hem biz Döwlet býujetiniň hasabyna maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdireris diýip, türkmen lideri aýtdy.
Şular bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ösdürmek üçin bölünip berilýän karz serişdeleriniň mukdaryny köpeltmek, kiçi önümçiligi höweslendirmek, ilat üçin karz we maliýe serişdeleriniň göwrümini ýokarlandyrmak gerek diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Mundan başga-da, Döwlet býujetinden bölünip berilýän pul serişdeleriniň köp bölegi, türkmen lideriniň aýtmagyna görä, bilim, saglygy goraýyş pudagyna we Pensiýa gaznasyna gönükdiriler.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......