Türkmenistan halkara jemgyýetçiligini Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmäge has işjeň goşulyşmaga çagyrdy

  • 23.09.2020 23:06
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýada parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Owganystandaky ýagdaýlaryň düzgünleşdirilmegine gönüden-göni baglydygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi tutanýerlidir we üýtgewsizdir: gepleşikleri geçirmek arkaly işlerden başga ýollar bolup bilmez. Mundan ozalky tejribeleriň ählisi güýç ulanyş usullarynyň geljeginiň ýokdugyny hem-de ylalaşyga we ýaraşmaga getirip bilmeýändigini görkezdi.

Bitarap döwlet we Owganystanyň gönüden-göni goňşusy hökmünde Türkmenistan öz çäklerinde owgan Hökümetiniň hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary syýasy taýdan düzgünleşdirmekde gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

«Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Owganystanyň syýasy taýdan durnuklaşdyrylmagynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýähojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti hasaplaýarys».
«Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, ýurdumyz, mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem Owganystanyň çäklerine çykýan demir ýol şahalarynyň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň başyny başlady, şolar eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylmak tapgyryna girdi. Halkara jemgyýetçiligini, işewür düzümleri, maliýe edaralaryny bu işlere has işjeň goşulyşmaga çagyrýarys» - döwlet Baştutany çykyşynda belledi.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......