Ulaglaryň we aragatnaşygyň howanyň üýtgemegine täsiriniň peselmegi maslahatlaşyldy

  • 23.09.2020 15:40
  • 6.8k+

22-nji sentýabrda ulaglaryň we aragatnaşygyň howanyň üýtgemegine täsiriniň peselmegi meselesine bagyşlanan iki günlük onlaýn duşuşygy boldy. Duşuşyk BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy tarapyndan guraldy. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ony ulag we ekologiýa babatda Durnukly ösüşiň maksatlarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak, ilerletmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol başlangyçlar wekilçilikli forumlaryň münberlerinden beýan edildi.

düýn 22:54
1.6k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
4.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.7k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......