Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdy

  • 22.09.2020 17:11
  • 7.1k+

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljekde hem işjeň giňeldilmegi bilen bir hatarda, beýleki derwaýys meseleleriň birnäçesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin ýurduň Hökümetine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

düýn 22:54
693

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......