Aşgabatdaky 75-nji awtobus gatnawynyň ugruna üýtgeşmeler girizilýär

  • 22.09.2020 16:24
  • 14k+

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 75-nji «Awtomenzil — Gurtly» ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini siziň dykgatyňyza ýetirýär.

— 75-nji «Awtomenzil — Gurtly» ugry boýunça awtobus «Awtomenzil» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly — Hoja Ahmet Ýasawy köçesi — Bitarap Türkmenistan — Gurbansoltan eje şaýollary — Ruhabat köçesi bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje — Bitarap Türkmenistan şaýollary — Hoja Ahmet Ýasawy köçesi — A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtomenzil» belleniş nokadyna gelýär.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 28-60-30, 28-60-80.

düýn 19:56
7.4k+

42 dişini görkezip ýylgyrýan malaýziýaly ýigit Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Malaýziýaly inžener Pratab Muniandi özüniň üýtgeşik ýylgyryşy we agzyndaky 42 sany dişi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. 33 ýaşly malaý ýigidiniň dişleri adaty adamlara mahsus bolan 32 dişden 10 sany köpdür...

düýn 19:31
606

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

düýn 17:12
2.1k+

Valve kompaniýasy kiber-sport ýaryşlarynda «CS:GO» oýnuny ulanmagy gadagan etdi

Dust2.us neşiriniň habar bermegine görä, Valve kompaniýasy «Counter-Strike: Global Offensive» (CS:GO) boýunça kiber-sport turnirlerini geçirmäge mundan beýläk rugsatnama bermezlik barada karar kabul etdi. Mundan ozal Valve oýnuň nusgawy görnüşini «Counter-Strike 2-den» aýryp, «CS:GO» üçin ýörite aýratyn identifikator (App ID) döredipdi...

düýn 16:49
6.5k+

Polşanyň tokaýlarynda gizlenip galan orta asyr şäherçesi tapyldy

Arheologlar Polşanyň günorta-gündogarynda örän gowy saklanan Kaplonosy Koloniýa – orta asyr şäherçesini ýüze çykardylar. Bu taryhy ýadygärlik Wlodawa şäheriniň golaýyndaky gür tokaýlaryň içinde nije asyrlap adam nazaryna ilmän saklanyp galypdyr...