Bil Geýts: COVID-19 pandemiýasy 2022-nji ýylda gutarar

  • 21.09.2020 17:35
  • 16k+

COVID-19 pandemiýasy, iň gowy ýagdaýda, 2022-nji ýylda gutarar diýip, Microsoft tehnologiýa korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts ýekşenbe güni «Fox News» telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

Geýtsden ABŞ-da we bütin dünýäde sanitariýa we epidemiologik ýagdaýyň haçan kadalaşyp biljekdigi soraldy.

«Sanjymlar, garaşyşymyz ýaly, 2021-nji ýylyň başynda tassyklanan halatynda, ABŞ-daky ýagdaý indiki tomusda kadalaşyp başlar we elbetde, beýleki ýurtlara kömek etsek, indiki ýylyň ahyryna çenli işimiz kadaly ýagdaýa geler diýip umyt edýäris» – diýip, Geýts jogap berdi.
«Epidemiýanyň, iň gowy ýagdaýda, 2022-nji ýylda gutarmagy ähtimal. Şeýle-de bolsa, biz 2021-nji ýylyň dowamynda dünýä derejesinde çemeleşmek bilen, (ýokançlygyň ýaýramagynyň) görkezijilerini pese düşürmelidiris. Hudaýa şükür, sanjymlary ösdürmegiň tehnologiýalary eýýäm bar, maliýeleşdirme dowam edýär we kompaniýalar iň gowy hünärmenlerini bölüp berdi. Şonuň üçin hem men gowy niýetde, bu zatlar hemişe beýle bolup durmaz» – diýip, Geýts belledi.

Onuň sözlerine görä, pandemiýa döwründe dünýäde öňüni alyş sanjymlarynyň derejesi 14% peselip, «geçen 20 ýylda gazanylan üstünlikleri ýok etdi». Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «ösüp barýan ýurtlar üçin sanjymlary satyn almak babatda özüni görkezip bilmändigine» nägileligini bildirdi.
Bil Geýts öz aýaly Melinda bilen haýyr-sahawat gaznasyny dolandyrýar. Onuň esasy iş ugurlary ösýän ýurtlardaky howply kesellere garşy göreşi, ABŞ-da saglyk we bilim ulgamyndaky maksatnamalary öz içine alýar. Gaznanyň üsti bilen koronawirusa garşy sanjym döretmek we pandemiýa şertlerinde has ejizlän ilatyň garyp gatlagyny goldamak üçin ýüzlerçe million dollar bölünip berildi.

09.06.2026 23:14
7.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....