Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi

  • 20.09.2020 23:51
  • 12k+

Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan iki günlük sergisi we “Sanly ykdysadyýet-ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu gezekki gözden geçirilişde onlarça firmalar we kompaniýalar, hususy telekeçiligiň wekilleri häzirki mümkinçiliklerini, geljekki ösüşini görkezmek bilen, 70-den gowrak bölümleriň üsti bilen öndürýän önümleriniň ýokary hil derejesini we dürli görnüşli hyzmatlaryny hödürlediler.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan “Sanly ykdysadyýet –ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, durmuş goraglylygy, ýurdumyzyň milli statistikasyny döwrebaplaşdyrmak we tehnologik ösüşi üpjün etmek babatda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti, sanly bilimi ösdürmegiň zerurlygy hakyndaky çykyşlar diňlenildi.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......