Türkmenistan hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürýär

  • 19.09.2020 17:46
  • 11k+

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňzi sebitinde Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletler bilen köpugurly netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işiniň ähmiýeti nygtaldy.
Häzirki wagtda ýurdumyz Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar taýýarlanylýar. Bu babatda toplumlaýyn resminamanyň — Türkmenistanyň Milli deňiz strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak üçin ýörite Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Hazar deňzinde ylmy-barlaglary hem-de gözleg-halas ediş işlerini geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Hökümetara ylalaşyklaryň taslamalary boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilik) garşy göreşmek we Hazarda ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça teswirnamalaryň taslamalary taýýarlanyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama Hazarýaka döwletlere öwrenmek we geljekde bilelikde seretmek üçin iberildi.
Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň işini işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Hazarýaka döwletler bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary we maslahatlaşmalary guramak teklip edilýär.
VI Hazar sammitine ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, Hazar deňzi institutynda Utgaşdyryjy merkeziň (sekretariatyň) döredilmegi teklip edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......