COVID-19 pandemiýasynyň netijelerine garşy çäre görmek bilen bagly maslahat geçirildi

  • 18.09.2020 15:14
  • 7.6k+

Düýn Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy gerimi (SGHÄG) meselesi COVID-19 pandemiýasyna hem-de onuň getirýän netijelerine garşy çäre görmek bilen baglylykda maliýe we saglygy goraýyş ministrleriniň onlaýn görnüşde geçirilen bilelikdäki maslahatyň gün tertibine girizildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Aziýanyň Ösüş banky, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi tarapyndan guralan onlaýn görnüşdäki duşuşygyň esasy maksady täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş hem-de saglygy goraýyş ulgamyna we SGHÄG-ne maýa goýumlaryny gönükdirmek meseleleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Bellenilişi ýaly, howply ýokanç keseliň pandemiýasy ählumumy çökgünlige getirdi, adamzadyň durmuşynyň ähli ugurlaryna oňaýsyz täsirini ýetirdi.
Şunda SGHÄG-ni goldamak hem-de ilerletmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar, munuň özi ilat üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň umumy elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer. Bu maksatlara ýetilmegi şeýle hem ykdysadyýetleriň çalt depginlerde gaýtadan dikeldilmegine we geljekde şunuň ýaly ählumumy wehimlerden goranmaga ýardam berer, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üçin amatly şertleri emele getirer.

düýn 20:12
5.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

düýn 14:53
1.9k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....