Türkmenistan howply ýokançlaryň öňüni almak boýunça tejribesini BSGG bilen paýlaşdy

  • 17.09.2020 11:47
  • 12k+

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň agyr ýiti ýokanç keselli adamlary kliniki usul bilen barlamak boýunça geňeşmeleri geçirildi.

BSGG-niň Ženewada ýerleşen edarasy tarapyndan guralan onlaýn-duşuşyk dünýäde aýratyn howply ýokanç keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň lukmanlary döwletimiziň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokançlaryň peýda bolmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplan tejribesini paýlaşyp, barlaghana anyklaýyş, epidemiologiýa gözegçilik we keselleriň öňüni almak boýunça geçirilen çäreler barada gürrüň berdiler.
BSGG-niň bilermenleri ilatyň saglygyny goramagyň ähli ugurlary boýunça geçirilýän giň gerimli toplumlaýyn işlere ýokary baha berip, jemgyýetiň saglygyny goramak hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanmak babatda halkara bileleşigini täze wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda dürli keselleriň ýaýramak töwekgelçiligini peseltmek üçin öňüni alyş çäreleriniň kämilleşdirilmeginiň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly orun eýeleýän BSGG-niň maslahatlaryny we tekliplerini nazara almak bilen geçirilýändigini belledi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň geljekde hem Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy, şol sanda howply ýokanç keselleriniň öňüni almak we bejermek babatda dessin maglumatlary, toplanan tejribäni hem-de bilimleri alyşmak üçin ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň hasabyna taýýardygyny nygtady.

16.04.2026 16:48
4.6k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.8k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.7k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....