Apple 2012-nji ýyldan bäri birinji gezek sentýabrda täze iPhone hödürlemedi

  • 16.09.2020 15:01
  • 10k+

2012-nji ýyldan bäri birinji gezek Apple kompaniýasynyň güýzki tanyşdyrylyş dabarasynda täze iPhone tapgyry hödürlenilmedi. Onda diňe täze Apple Watch bilen iPad görkezildi. Bu barada eanews.ru habar berýär.

15-nji sentýabrda kompaniýa täze önümlerini görkezdi. Tanyşdyrylyş dabarasy koronawirus pandemiýasy sebäpli wirtual ýagdaýda geçdi. Onuň görkezilişi Kupertinoda “Apple Park” şäherçesinden alnyp baryldy.
Tanyşdyrylyşyň esasy mowzugy ulanyjynyň ganynyň düzümindäki kislorodyň derejesine gözegçilik ediji funksiýasy bolan Apple Watch Series 6 sagatlary boldy. Gajet ukynyň dowamlylygyny hem bellige alýar we elleri dogry ýuwmak üçin zerur wagty kesgitleýär.
Mundan başga-da, birinji nesliň Apple Pencil-ine eýe bolan arzan iPad 8 we iPad Air hödürlenildi, şeýle-de wideo-türgenleşikli sport serwisi Apple Fitness+ we pes bahalary bilen ulanyjylary kompaniýanyň hyzmatlaryna çekjek Apple One abunasy anons edildi.
Hünärmenler iPhone 12-niň tanyşdyrylyşy oktýabra bellenilen täze önümleriň satuwyna ýakyn bolar diýip çaklaýarlar. Bu ýylda diagonaly 5,4 dýuým we 6,1 dýuým bolan iPhone 12, şeýle-de 6,1 we 6,7 dýuým ekranly iPhone 12 Pro hödürleniler.

şu gün 10:51
72

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
3.9k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......