Wenesiýa film festiwalynyň iň gowy filmleri yglan edildi

  • 14.09.2020 19:01
  • 6.7k+

Halkara Wenesiýa film festiwaly tamamlandy we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Meduza.io saýtynyň habar bermegine görä, festiwalyň esasy sylagy bolan «Altyn ýolbars» baýragy baş keşpde Frensis MakDormand çykyş edýän «Çarwalar ýurdy» («Nomadland») filmine gowşuryldy.

Bu filmde ABŞ-nyň günbatarynda syýahat edip ýörkä öýüni ýitiren we tigirçekli öýde ýaşamaga mejbur bolan bir aýalyň başyndan geçirenleri gürrüň berilýär. Filme asly Hytaýdan bolan amerikaly Kloe Çžao režissýorlyk etdi.
Festiwalda iň oňat režissýor diýlip, ýaponiýaly Kiýoşi Kurosawa yglan edildi. Onuň «Içalynyň aýaly» («Wife of a Spy») diýlip atlandyrylýan taryhy trillerinde watanyna hyýanat etmek kararyna gelen we öz janyna howp salyp, Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda Mançuriýada ýapon häkimiýetleriniň jenaýatlaryny paş eden är-aýalyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär.
Gran Pri baýragyna «Täze sargyt» («Nuevo Orden») filmi üçin meksikaly režissýor Mişel Franko mynasyp boldy. Eminleriň ýörite baýragy bolsa «Gadyrly ýoldaşlar!» filmi üçin Andreý Konçalowskä gowşuryldy.
Iň oňat aktýor hökmünde «Volpi kubogy» «Biziň kakamyz» («Padre Nostro») filmindäki roly üçin italýaly Pýerfrançesko Fawina we «Zenan bölekleri» («Pieces of a Woman») dramasyndaky roly üçin iňlis ýyldyzy Wanessa Kirbä berildi.
Iň gowy ýaş aktýor hökmünde Marselo Mastroianni baýragy bilen Eýranyň tanymal režissýory Majid Majidiniň «Günüň çagalary» filminde tähranly öý-öwzarsyz çaganyň keşbini ýerine ýetiren Ruholla Zamani sylaglandy.

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.6k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....